Waşingtondaky Aziýa sungatynyň milli muzeýi Hindistandan bikanun alnyp gaýdylan üç sany gadymy heýkeli yzyna gaýtarar. Bu barada muzeýiň metbugat gullugy habar berdi. Gürrüň Hindistanyň günortasyndaky ybadathanalarda saklanylan X, XII we XVI asyrlara degişli heýkeller barada gidýär. Olar dini dabaralarda ulanylypdyr. Waşington muzeýi bu gymmatlyklary ýurduň içindäki hususy galereýalaryň birinden satyn alypdyr, emma soňra olaryň gelip çykyşy baradaky resminamalaryň galpdygy belli bolupdyr. 2023-nji ýylda muzeýiň işgärleri Pondiçeridäki Fransuz institutynyň fotoarhiwi bilen bilelikde, bu heýkelleriň 1956–1959-njy ýyllar aralygynda Hindistanyň Tamilnad ştatynyň ybadathanalarynda surata düşürilendigini anykladylar. Şondan soň Hindistanyň Arheologik müdiriýeti tapyndylary öwrendi we heýkelleriň ýurtdan bikanun çykarylandygyny tassyklady diýlip, metbugat beýanatynda aýdylýar. Şeýle-de, beýanatda heýkelleriň biriniň Hindistanyň razylygy bilen ABŞ-da galjakdygy we uzak möhletli kärende almak hukugy esasynda sergilendiriljekdigi barada habar berildi. Waşingtondaky Aziýa sungatynyň milli muzeýi Smitson institutynyň düzümine girýär. Onuň eksponatlarynyň arasynda Hytaýdan, Ýaponiýadan, Koreýadan, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlaryndan, şeýle-de Ýakyn Gündogardan getirilen on müňlerçe sungat eserleri bar.