Hytaýyň Hunan welaýatynda 512 million ýyl taryhy bolan, şonda-da gowy saklanyp galan deňiz ekoulgamynyň galyndylary tapyldy diýip, New Scientist neşiri habar berýär. Bu tapyndy Ýer ýüzüniň taryhyndaky ilkinji köpçülikleýin gyrylmadan soň haýwanat dünýäsiniň ýagdaýyny jikme-jik seljermäge mümkinçilik berýär. Nankin geologiýa we paleontologiýa institutynyň hünärmeni Han Szeniň ýolbaşçylygyndaky gözlegçiler topary bu ýeri 2021-nji ýylda Huaýuan uýezdiniň karýerleriniň birinde tapdy. Häzirki wagta çenli hünärmenler 153 görnüşe degişli bolan 8681 sany organizm galyndysyny öwrendi. Ýüze çykarylan organizmleriň, takmynan, 60%-i ozal ylma nämälimdi. Alymlar organizmleriň jemini aýratyn ekoulgama bölüp, ony Huaýuan biotasy diýip atlandyrdy. Gadymy ekoulgam kontinental şelfiň gyrasyndaky çuň suwly zolakda ýaşan haýwanlaryň 16 sany esasy toparyndan ybarat bolupdyr. Tapyndylaryň agramly bölegini bognaýaklylar, şeýle hem mollýuskalar, brahiopodalar we boşiçegeliler tutýar. Bu gurşawyň iň uly ýyrtyjysy uzynlygy 80 sm bolan Guanshancaris kunmingensis bognaýaklysy bolupdyr. Laý gatlagynyň astynda çalt gömülendigi sebäpli, köp organizmleriň ýumşak dokumalary, şol sanda içki organlary we nerw ulgamy saklanyp galypdyr. Han Szeniň aýtmagyna görä, Huaýuan biotasynyň ýerleşen çuň suw gurşawy, esasan, ýalpak suwlara täsir eden gyrylmadan az zyýan çekipdir.