Professional tennisçiler assosiasiýasynyň (ATP) reýtinginiň lideri Karlos Alkaras Australian Open ýaryşynyň finalyna çykdy. Ispaniýaly tennisçi ýarym finalda Germaniýadan dünýäniň üçünji raketkasy Aleksandr Zwerewi utdy. Bu duşuşyk 5 sagat 27 minut dowam etmek bilen, ýaryşyň taryhynda iň dowamly oýun boldy. Alkaras ilkinji iki seti 6:4, 7:6 (7:5) hasabynda öz peýdasyna tamamlady. Üçünji tapgyrda ol damar çekmesi sebäpli lukmançylyk arakesmesini aldy. Zwerew üçünji we dördünji setleri taý-breýklerde utup, hasaby deňledi — 7:6 (7:3), 7:6 (7:4). Bäşinji setde hasap 5:4 wagty germaniýaly tennisçiniň oýny öz peýdasyna gutarmaga mümkinçiligi boldy, ýöne başarmady. Şondan soň Alkaras tapgyry 7:5 hasabynda utdy. Ikinji ýarym final hem dartgynly ýagdaýda geçdi. Dünýäniň dördünji raketkasy, serbiýaly Nowak Jokowiç çekeleşikli oýunda ATP reýtinginde ikinji orny eýeleýän italiýaly Ýannik Sinnerden üstün çykdy. Duşuşyk 4 sagat 10 minut dowam etdi. Netije serbiýalynyň peýdasyna 3:6, 6:3, 4:6, 6:4, 6:4 boldy. Tennisçileriň arasyndaky şahsy duşuşyklaryň hasaby Jokowiçiň peýdasyna 6:5 boldy, şol bir wagtyň özünde Sinner soňky bäş oýunda yzygider ýeňiş gazandy. Indi aýgytly oýunda titul üçin Jokowiç bilen Alkaras göreşer. Özara duşuşyklarda Jokowiç 5:4 hasaby bilen öňde barýar. Erkekleriň arasyndaky ýekelikdäki final duşuşygy 1-nji fewralda geçiriler. Australian Open möwsümde birinji «Uly tuwulga» ýaryşy bolup, onuň baýrak gaznasy tas 75 mln dollara barabar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir