Netflix-iň YouTube kanalynda «Berlin we samyrly hanym» (Берлин и дама с горностаем) serialynyň tizeri ýerleşdirildi. Bu taslama ozal «Kagyz öý» (Бумажный дом) serialynyň prikweli hökmünde çykan «Berlin» serialynyň dowamydyr. Premýera 15-nji maýda Netflix striming hyzmatynda bolar. Serial sekiz bölümden ybarat. Wakalar Sewilýada bolup geçýär. Sýužete görä, Berlin we Damian Leonardo da Winçiniň «Samyrly hanym» (Dama con l'ermellino) eserini ogurlamak üçin ýene topar ýygnaýar. Ýöne gahrymanlaryň asyl maksady Berlini gorkuzmaga synanyşýan Malaganyň gersogy we onuň aýaly bolýar. Taslama Pedro Alonso, Mişel Jenner, Tristan Ulloa, Begonýa Wargas, Hulio Penýa Fernandes, Hoel Sançes, Inma Kuesta, Hose Luis Garsia-Peres we Marta Nýeto gatnaşdy. Serialyň awtorlary hökmünde Aleks Pina we Ester Martines Lobato çykyş etdi. Olar taslamanyň üstünde Dewid Barrokall, Lorena J. Maldonado, Isiar Sanhuan, Umberto Ortega we Luis Garrido Hulwe bilen bilelikde işledi. Režissýorlar Albert Pinto, Barrokall we Hose Manuel Krawioto boldy. Önümçilik bilen Vancouver Media kompaniýasy meşgullandy.