Gazagystanly programmaçylar çeňňegi onlaýn ýagdaýda dolandyrmaga mümkinçilik berýän «GoFish» hyzmatyny işe girizdiler. Bu barada taslamanyň resmi saýtynda habar berilýär. Ulanyjylara balyk tutmak üçin ýörite ýer we amatly çeňňek saýlamak, soňra bolsa amala aşyrylýan işe uzak aralykdan tomaşa etmek arkaly ony dolandyrmak hödürlenilýär. Balyk tutulýan ýerde ähli işe kömekçi assistent gözegçilik edýär. Ol enjamlary sazlaýar, çeňňegiň ujuna gurçuk dakýar, balyk tutulandan soň bolsa ony çeňňekden aýryp, kamera görkezýär. Hyzmat häzirlikçe synag görnüşinde ýerine ýetirilýär. Balyk tutmaga niýetlenen ýerlerden bolsa diňe Almaty şäheriniň golaýyndaky bir köl elýeterli. Ýöne soňlugy bilen hyzmata Italiýadaky Komo kölüni, Norwegiýanyň fýordlar sebitini, Meksikanyň okean kenaryny we balyk tutmak üçin oňaýly hasaplanylýan beýleki ýerleri hem goşmak göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda tutulan balyklar yzyna - suwa goýberilýän bolsa-da, ykjam goşundy doly güýjünde işläp başlandan soň, tutulan balygy ulanyja eltip bermek hyzmatyny hem ýola goýmak meýilleşdirilýär. Işläp düzüjiler taslamany maliýeleşdirmek üçin Kickstarter platformasynda krautfanding yglan etmäge taýýarlanýarlar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir