Kenarýaka Türkmenbaşy şäherinde Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Balkan welaýat Polisiýa müdirliginiň işgärleri üçin gurlan, her biri 24 maşgala niýetlenen iki sany dört gatly täze ýaşaýyş jaýynyň dabaraly açylyşy boldy. Watan goragçylarynyň gününe bagyşlanan dabarada welaýat we şäher häkimlikleriniň wekilleri, harby we hukuk goraýjy edaralaryň gullukçylary, Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar. Çykyş edenler ýurtda harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny, harby gullukçylaryň hem-de hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň maşgalalary üçin ähli şertleriň döredilýändigini bellediler. Täze jaýlaryň eýelerini Watan goragçylarynyň güni we täze jaýlaryň ulanylmaga berilmegi bilen gutladylar. Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan binalaryň gurluşygynda tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar berildi. Täze jaýlaryň eýelerine öýleriň açarlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Hormatly ýaşulularyň ak pata bermeginden soň, dabara gatnaşyjylar öýleriň içine aýlandylar. Täze öýler döwrebap mebeller, hojalyk tehnikalary we ähli zerur amatlyklar bilen üpjün edilipdir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 hour ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir