​Diňleýjiler abraýy uly bolan adamlaryň çykyşlaryndaky audio-dipfeýklerine (emeli aň arkaly döredilen ses ýazgylaryna), hatda olaryň sözlerinde many taýdan çaprazlyk bolan ýagdaýynda-da ynanmaga has köp ýykgyn edýärler diýip "NeuroImage" žurnaly habar berýär. Russiýanyň Ýokary ykdysadyýet mekdebiniň Kognitiw neýroylymlar institutynyň işgärleri elektroensefalografiýa usulyny ulanyp geçiren tejribeleriniň netijesinde şeýle netijäni çykardylar. ​61 adamyň gatnaşmagynda geçirilen tejribede hünärmenleriň adyndan aýdylýan garaşylmadyk tassyklamalar diňlenende beýniniň kognitiw dissonansy (pikir gapma-garşylygyny) bellige alýandygyny görkezdi. Emma muňa garamazdan, gatnaşyjylar lukmanyň aýdanlaryny, hatda olar lukmanyň hakyky garaýyşlaryna ýa-da synag edilýänleriň öz ynançlaryna ters gelse-de, has ynandyryjy we ynamdar diýip bahalandyrdylar. Lukmançylyk pudagynda abraýy o diýen bolmadyk aktrisanyň adyndan berlen gapma-garşylyklara beýniniň berýän reaksiýasy bolsa has pes boldy. ​"Biz başda audioýazgynyň kabul edilişine gatnaşyjylaryň şahsy ynamlary täsir eder diýip çaklapdyk. Emma dipfeýkler diňlenende, bu parametrleriň hiç hili ähmiýetiniň ýokdugy ýüze çykdy. Bu ýerde iň esasy zat onuň lukmançylyk ulgamyndaky abraýy bolup çykdy" — diýip, makalanyň birinji awtory, NIU WSHE-niň Neýroykdysadyýet we kognitiw barlaglar merkeziniň kiçi ylmy işgäri Eliana Monahowa düşündirýär. ​Gözlegler bilermenlik çeşmelerinden gelýän habarlaryň, logiki näsazlyklara garamazdan, diňleýjilere örän täsir edip biljekdigini tassyklaýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 hour ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir