Arkadag şäherinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň halkara derejesindäki nobatdaky üstünligine bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Ozal habar berşimiz ýaly, ýaňy-ýakynda Monte-Karlo şäherinde geçirilen 48-nji halkara sirk sungaty festiwalynda türkmen topary sirk sungatyna goşan uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasynyň we Ýewropa sirk assosiasiýasynyň halkara şahadatnamalaryna mynasyp boldy. Arkadag şäherindäki dabaraly çäre Gökdepe we Akhan şaýollarynyň çatrygyndaky döwrebap köpriniň ýanyndan badalga alyp, şäheriň köçeleriniň ugry boýunça atly ýöriş bilen dowam etdi. «Galkynyş» toparynyň agzalary ahalteke bedewleriniň üstünde we halkara baýraklaryny ellerinde saklap, paýtun arkaly hatar gurap geçip gitdiler. Ýöriş aýdym-sazly we tansly çykyşlar bilen utgaşdy, oňa şäheriň ýaşaýjylary hem-de talyp ýaşlar gatnaşdy. Baýramçylyk ýörişi «Taýçanak» binasynyň ýanyndan geçip, Görogly adyndaky Döwlet atçylyk sirkiniň öňünde tamamlandy. Bu ýerde dabaranyň esasy bölegi geçirildi. Sirkiň eýwanynda ahalteke bedewlerine we şöhratly toparyň gazanan üstünliklerine bagyşlanan sergi guraldy.