Hytaý öz taryhynda ilkinji gezek metal şaýlary göni kosmosda 3D çap etmek boýunça synag geçirdi. Barlag işleri köp gezek ulanylýan «Lihun-1» (Y1) kosmos gämisiniň bortunda, Ýerden dolandyrylmazdan, doly özbaşdak ýagdaýda amala aşyryldy. Synag 12-nji ýanwarda suborbital uçuş wagtynda geçirildi, emma bu barada diňe häzir habar berildi. Enjam Karman çygryny kesip geçenden soň, takmynan 120 kilometr belentlige galdy. Şol pursatda 3D-çap ediş ulgamy mikrograwitasiýa (agyrlyk güýjüniň örän pesligi) şertlerinde işläp başlady. Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň Mehanika instituty tarapyndan işlenip düzülen enjam, gäminiň bortunda metal komponentleri özbaşdak taýýarlady. Agramsyzlyk şertlerinde metal çap etmek tehnologiýasyna geljekde enjamlary bejermek, gurluşlary kämilleşdirmek we göni orbitada täze elementleri döretmek üçin ulanyljak usul hökmünde garalýar. Bu bolsa Ýerden şaýlary eltmek kyn bolan uzak möhletli kosmos missiýalary üçin örän ähmiýetlidir. Synag tamamlanandan soň, kapsula paraşýutuň kömegi bilen üstünlikli ýere gondy we netijeleri seljermek üçin gysga wagtyň içinde barlagçylara gowşuryldy.