Ýaponiýanyň "Uniqlo" geýim brendi "Toyota" konserni bilen hyzmatdaşlykda ýapon awto ägirdiniň meşhur ulaglarynyň şekili ýerleşdirilen futbolkalar toplumyny çykardy. Bu kolleksiýa kompaniýanyň muşdaklaryna niýetlenip, 1960-njy ýyllaryň modellerine bagyşlanýar. "Uniqlo" kompaniýasynyň resmi web sahypasynda habar berlişi ýaly, täze seriýa dört awtoulagy öz içine alýar: 1966-njy ýylyň "Corolla" modeli, 1967-nji ýylyň "2000GT" kupesi, 40-njy seriýaly "Land Cruiser" wnedorožnigi we 1967-nji ýylyň "HiAce" furgonynyň ilkinji nesli. Bularyň ählisi "Toyota" brendiniň we umumy ýapon awtoulag medeniýetiniň taryhynda ähmiýetli hasaplanýar. Futbolkalar aprel aýynda satuwa çykarylar. Her bir modeliň bahasy 1990 ýena (takmynan 13 ABŞ dollary) bolar.