Italiýada maglumatlary işläp taýýarlamakda sanly çözgütler bilen deňeşdirilende 5000 esse az energiýa sarp edýän analog prosessoryň prototipi işlenip düzüldi. Milanyň politehniki uniwersitetiniň barlagçylarynyň TechXplore neşirine beren maglumatyna görä, bu enjam robototehnika we emeli akyl ulgamlary üçin niýetlenendir. Çip 90 nm-lik KMOP (Kombinirlenen metal-oksid-poluprowodnik) tehnologiýasy boýunça öndürilip, ol statik ýat (SRAM) we rezistiw ýat (ReRAM) öýjükleriniň birleşmesine esaslanýar. Enjamyň arhitekturasy matrisalar we wektorlar bilen amallary, şol sanda matrisalaryň inwersiýasyny göni ýadyň içinde ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa ýat bilen prosessoryň arasynda maglumatlaryň yzygiderli ugradylmagyny talap etmeýän klassiki «fon Neýman» arhitekturasynyň «dar geçit» meselesini çözýär. Täze taslama analog ters aragatnaşyk halkasyna birleşdirilen 64 × 64 ölçegindäki iki sany ýat toplumyny öz içine alýar. Barlagçylar platformany durmuşa geçirmekde Pekin uniwersitetiniň alymlarynyň taslamalaryny binýat hökmünde ulandylar. Amaly synaglar robotlaşdyrylan manipulýatorlary dolandyrmak we Kalman süzgüjiniň kömegi bilen hereket ýollaryny yzarlamak ýumuşlarynda geçirildi. Synaglaryň netijeleri analog çaltlandyryjynyň takyklygynyň, maglumat gijikimeleriniň we kristal meýdanynyň ep-esli gysgalmagyna garamazdan, sanly ulgamlar bilen bir derejededigini tassyklady.