27-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Kanadanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Astana şäherinde) Kristofer Daggan bilen duşuşdy. Gepleşikleriň dowamynda diplomatlar halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça çemeleşmeleriň ýakynlygyny belledi. Söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn üns berildi. Söhbetdeşler halkara meýdançalarda bilelikdäki işiň netijeliligini nygtap, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde öňe sürülýän başlangyçlary özara goldamak tejribesini dowam etdirmäge taýýardyklaryny mälim etdi. Ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmek maksady bilen, duşuşyga gatnaşyjylar şu ýylyň dowamynda daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeleri geçirmek mümkinçiliklerine garady. Şeýle hem döwletleriň arasynda şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmegiň zerurdygy bellenildi. Taraplar netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge we syýasy-diplomatik dialogy berkitmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir