2026-njy ýylyň 27-nji ýanwarynda Tbilisi şäherinde Bütindünýä türki diller maşgalasynyň gününe bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Duşuşyk Ýunus Emre adyndaky institutyň binasynda boldy. Çärä Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Gazagystanyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem işgärleri gatnaşdy. Şeýle-de, söhbetdeşlige ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we professorlary goşuldy. Ýygnananlar ÝUNESKO-nyň 15-nji dekabry Bütindünýä türki diller maşgalasynyň güni diýip yglan etmek baradaky çözgüdiniň dünýäniň lingwistik köpdürlüligini goldamakda we maddy däl medeni mirasy gorap saklamakda möhüm ädim bolandygyny nygtady. Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Seýitmämmedow öz çykyşynda türki dilleriň halklaryň taryhy we pelsepewi tejribesini özünde jemleýän nesilleri baglanyşdyryjy gural hökmündäki ähmiýetini belledi. Diplomat täze senäniň ylmy we durmuşy ähmiýetine-de aýratyn ünsi çekdi. D.Seýitmämmedow Bütindünýä türki diller maşgalasynyň gününiň giň gerimli ylmy barlaglaryň geçirilmegine, türki dilleri gorap saklamaga, şeýle-de medeniýetleriň ýakynlaşmagyna we siwilizasiýalaryň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalanmagyna gönükdirilen global dialogyň ösüşine ýardam etjekdigini nygtady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir