Awstraliýada rekord derejedäki yssy howa höküm sürýär. Ýurtda 27-nji ýanwarda howanyň temperaturasynyň 50 gradusa golaýlandygy hasaba alyndy. Sky News teleýaýlymynyň habar bermegine görä, ýerli meteorologlar Wiktoriýa ştatynyň birnäçe ilatly nokatlarynda termometrleriň 48,9 gradusa çenli ýokarlanandygyny mälim etdiler. Eger bu maglumat resmi taýdan tassyklansa, onda ol sebit üçin rekord görkeziji bolar. Häkimiýet ilaty aşa yssy howa sebäpli ýurtda tokaý ýangynlarynyň ýüze çykmak howpunyň ýokarlanandygyny duýdurdylar. Rekord derejelerine ýakyn bolan epgek häzirki wagtda «Australian Open» tennis turniriniň geçirilýän ýeri bolan Melburn şäherinde hem dowam edýär. Guramaçylar gyssagly çäreleri görmäge, şol sanda kortlaryň süýşürilýän üçekleriniň kömegi bilen türgenleri we tomaşaçylary goramaga mejbur bolýarlar.