Audi kompaniýasy ABŞ-da içki bezegi we elektron ulgamlary kämilleşdirilen 2026-njy ýylyň A5 we Q5 modellerini tanyşdyrdy. Bu gezek esasy üns dolandyryşyň oňaýlylygyna we hereket wagtynda sürüjiniň ünsüni sowýan faktorlary azaltmaga gönükdirildi. Iň görnetin üýtgeşme — rulda mehaniki elementleriň peýda bolmagydyr. Täze dört çarhly rulda düwmeler sensorlylygyna galsa-da, olara iki sany fiziki aýlanýan tekerjik goşuldy. Şeýle çözgüt esasy funksiýalary dolandyrmagy ýönekeýleşdirmäge niýetlenendir. Şeýle-de, üç ekrandan ybarat bolan «Audi Digital Stage» ulgamynyň interfeýsi täzeden işlenildi. Onuň menýulary öňküden ýönekeýleşdirildi, sanawlar gysgaldyldy, grafikasy bolsa has aýdyň görnüşe getirildi. Kompaniýanyň bellemegine görä, täze dolandyryş logikasy sürüjiniň üstüne düşýän ýüki azaldýar. Wirtual görkezijiler paneli birnäçe görkeziş režimine eýe boldy, şoňa görä, smartfondaky şekili indi göni sanly panele çykaryp bolýar. Ýolagçy üçin niýetlenen displeý hem kämilleşdirilip, oňa Bluetooth-gulaklyklary birikdirildi. Bu bolsa ýolagça sürüjä bagly bolmazdan wideo görmegine ýa-da audio diňlemegine mümkinçilik berýär. 2026-njy ýylyň Audi A5 modeli «S Sport» asma ulgamy, kellesöýeglerindäki dinamikleri bolan «Bang & Olufsen» audiosistemasy we 19 dýuymlyk tekerleri bolan «S line Black» paketi bilen hödürlenilýär. Audi Q5 hem şuna meňzeş paket, 20 dýuymlyk tekerlerden we eksterýeriň goşmaça gara elementleri özünde jemleýär. Täze goşmaça enjamlaryň arasynda yzky görüş aýnasynyň düýbünde ýerleşdirilen zawod wideoregistratory bar. Ol multimedia ulgamy arkaly dolandyrylýar we ýazgy SD-karta ýazylýar.