Apple kompaniýasy iPhone 5s we iPhone 6 ýaly könelişen modeller, şeýle hem iOS 12 operasion ulgamynda işleýän beýleki enjamlar üçin iOS 12.5.8 täzelenmesini çykardy. Bu smartfonlaryň satuwa çykarylyp başlanyna eýýäm on ýyldan gowrak wagt geçdi. Bu täzelenme ulgama hiç hili täze funksiýa goşmaýar ýa-da onuň dizaýnyny üýtgetmeýär. Onuň ýeke-täk maksady — enjamlaryň işe ukyplylygyny saklamakdyr. iOS 12.5.8 ulgamynda Apple-iň esasy hyzmatlarynyň bökdençsiz işlemegi üçin zerur bolan howpsuzlyk sertifikatlarynyň möhleti uzaldyldy. Bu ýerde esasan iMessage we FaceTime ýaly hyzmatlar, şeýle hem howpsuz baglanyşyk ulanýan beýleki esasy funksiýalar barada gürrüň gidýär. Eger bu sertifikatlar täzelenmese, agzalan hyzmatlar köne enjamlarda işlemegini bes edip bilerdi. Täze sertifikatlaryň hereket ediş möhleti 2027-nji ýylyň ýanwar aýyna çenli uzaldyldy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 11 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir