«Oskar» baýragyna mynasyp bolan «Çaknyşyk» (Столкновение) filminiň ssenariçisi Bobbi Moresko italýan modelýeri Jorjo Armani barada biografik film düşürer. Bu barada Deadline neşiri habar berýär. Filmiň ady häzirlikçe— «Armani — modanyň şasy» diýlip goýuldy. Moresko ssenariniň üstünde gyzy Amanda bilen bilelikde işleýär. Taslamanyň prodýuseri — ozal režissýor bilen «Lamborgini: Rowaýata öwrülen adam» («Ламборгини: Человек-легенда») we «Mazerati» filmlerinde hyzmatdaşlyk eden Andrea Ýerwolino bolar. ​Film Jorjo Armaniniň hünär ýoly barada — modadaky ilkinji ädimlerinden başlap, şu günki günde bahasy 10 milliard dollardan geçýän moda öýüniň döredilişine çenli gürrüň berer. Şeýle-de, surata düşüriljek eserde onuň XX we XXI asyrlaryň iň täsirli dizaýnerleriniň biri hökmünde tutýan orny görkeziler. ​Sýužetiň aýratyn bir bölegi Armaniniň kino industriýasy bilen hyzmatdaşlygyna bagyşlanar. Ol 1980-nji ýylda surata düşürilen «Amerikan žigolosy» («Американский жиголо») filminde Riçard Gir üçin kostýumlary döretdi, şeýle-de Keýt Blanşett, Juliýa Roberts we Leonardo Di Kaprio ýaly ýyldyzlar bilen işleşdi. Biografik filmiň surata düşüriljek ýeri heniz kesgitlenmedi. Mowzugyň Italiýa bilen baglydygyna garamazdan, filmiň Wengriýada düşürilmegi ähtimal. ​«Men buýsançly italýan we dünýä meşhur italýan şahsyýetleriniň taryhlaryny gürrüň bermegi dowam ederin, emma, gynansak-da, häzirki wagtda olary daşary ýurtda surata düşürmäge mejbur bolýaryn» — diýip, prodýuser Andrea Ýerwolino belledi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir