2025-nji ýylda Türkiýe Türkmenistanyň raýatlaryna, takmynan, 120 müň wiza berdi. Bu barada Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirok köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen geçirilen duşuşykda aýtdy diýip, «Ata Watan Media» neşiri habar berýär. Ilçiniň aýtmagyna görä, geçen ýyl ýokary derejeli saparlaryň we bilelikdäki taslamalaryň netijesinde iki ýurduň arasyndaky strategik gatnaşyklar uly sepgitlere ýetdi. «Iki doganlyk döwletiň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň, özara gatnaşyklary medeni we ynsanperwer ugurlarda aýratyn ähmiýete eýedir. Biz Türkmenistanda türk seriallaryna, filmlerine we aýdym-sazyna gyzyklanmanyň bardygyna begenýäris. Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň maglumatlaryna görä, geçen ýyl Türkmenistanyň 200 müň töweregi raýaty biziň ýurdumyza baryp gördi. 2025-nji ýylda biziň ilçihanamyz, takmynan, 120 müň wiza berdi» diýip, diplomat belledi. Şeýle-de, ol Türkiýäniň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin talyp haklaryny berýändigini habar berdi. 1992-nji ýyldan bäri bu mümkinçilikden 5 müňden gowrak türkmen talyby peýdalandy. 2025–2026-njy okuw ýylynda Türkiýede Türkmenistandan gelen 40 müňe golaý talyp ýokary bilim alýar. Talyp haky maksatnamasy üçin arzalar 2026-njy ýylyň 10-njy ýanwaryndan 20-nji fewraly aralygynda kabul edilýär.