2025-nji ýylyň dekabr aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda elektromobil satuwy ilkinji gezek benzin hereketlendirijisi bolan awtomobilleriň satuwyndan ýokary boldy. Şeýle maglumatlary Ýewropanyň awtomobil öndürijiler assosiasiýasy (ACEA) hödürleýär diýip, Reuters agentligi habar berýär. ACEA-nyň statistikasyna görä, 2024-nji ýylyň dekabrynda satuwyň 33,7%-i gibrid awtomobilleriň, 29,4%-i benzin ulaglarynyň we 15,9%-i doly elektrik ulaglarynyň paýyna düşüpdi. 2025-nji ýylyň dekabrynda gibridleriň paýy şol bir derejede (33,7%) galdy, ýöne elektromobilleriň paýy 22,6%-e çenli ýokarlandy. Benzin awtomobilleriniň paýy bolsa 22,5%-e çenli peseldi. Umuman, 2025-nji ýylyň dowamynda ÝB-de 1,88 milliondan gowrak täze elektromobil satyldy, bu bolsa ähli satuwyň 17,4%-ini emele getirýär. Gibrid ulaglar bazaryň 34,5%-ini (takmynan, 3,7 mln awtomobil) eýeledi. Benzin hereketlendirijili ulaglaryň satuwy 26,6% (2,8 mln), dizel ulaglarynyňky bolsa 8,9% boldy. ACEA benzin we dizel ulaglaryna islegiň azalýan döwründe elektromobilleriň we gibridleriň satuwynyň durnukly ösýändigini belleýär. Elektrokar bazarynyň ösmegi bilen, Tesla kompaniýasynyň Ýewropadaky paýy 20,2% azaldy. Onuň bäsdeşleriniň satuwy bolsa ýokarlandy: Volkswagen 10,2%, Hytaýyň BYD öndürijisi 229,7% ösüş görkezdi. 2025-nji ýylda Ýewropada täze awtomobilleriň umumy satuw göwrümi geçen ýyl bilen deňeşdirilende 1,8% artsa-da, ACEA-nyň nygtamagyna görä, bu görkezijiler pandemiyadan öňki derejeden pes bolmagynda galýar.