Türkmenistanyň Prezidenti, ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow 27-nji ýanwarda harby gullukçylary we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerini Watan goragçylarynyň güni bilen gutlady. Döwlet Baştutanynyň gutlagy Türkmenistanyň resmi metbugatynda çap edildi. Prezident öz gutlagynda Watan goragçylarynyň merdi-merdanalygyna we watansöýüjiligine ýokary baha berdi. «Siziň mukaddes Garaşsyzlygymyzy, döwletimiziň dünýäde üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny, milli gymmatlyklarymyzy goramak ýaly belent borçlara wepaly boljakdygyňyza, gerek bolsa, munuň üçin şirin janyňyzy hem gaýgyrmajakdygyňyza berk ynanýaryn!» diýip, ol gutlagda belläp geçdi. Ýüzlenmede ýurduň Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny, özygtyýarlylygyny we çäk bitewüligini goramakda harby gullukçylaryň hyzmatyna, şeýle hem döwlet howpsuzlygyny we hukuk tertibini üpjün etmekde Ýaragly Güýçleriň hem-de hukuk goraýjy edaralaryň tutýan ornuna aýratyn üns çekilýär. Döwlet Baştutany 2026-njy ýylyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy bilen dabaralanýandygyny ýatladyp, harby däp-dessurlaryň dowamatlylygynyň hem-de şahsy düzümiň hünär taýýarlygynyň möhümdigini nygtady. «Goranyş häsiýetli Harby doktrinamyza laýyklykda hereket edýän milli Ýaragly Güýçlerimiz taryh üçin uzak bolmadyk döwrüň içinde kämil söweşjeň ýaraglar, harby tehnikalar, sanly ulgamyň mümkinçilikleri bilen yzygiderli üpjün edilip, kuwwatly goşuna öwrüldi. Häzirki wagtda ýurdumyzda Watan goragçylarynyň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş, gulluk, iş şertleriniň gowulandyrylmagy aýratyn üns merkezinde saklanylýar. Watan goragçylarynyň gününiň öňüsyrasynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary üçin niýetlenen köp sanly gulluk, ýaşaýyş-durmuş maksatly täze binalar we desgalar toplumlarynyň açylyp ulanmaga berilmegi ýurt goragçylaryna goýulýan sarpany has-da belende göterdi. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny öňküden-de döwrebaplaşdyrmak, Watan goragçylarynyň gulluk etmegi we dynç almagy üçin has oňaýly şertleri döretmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň, amala aşyrýan harby özgertmelerimiziň hemişe ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galar» diýlip, gutlagyň tekstinde bellenilýär. Prezident Serdar Berdimuhamedow gutlagynyň ahyrynda Watan goragçylaryna berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.