Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty ýurduň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny «Nazary mehanika» dersi boýunça geçiriljek V açyk halkara internet-olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrýar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» habar berýär. Olimpiada 24–28-nji mart aralygynda şahsy we toparlaýyn görnüşde geçiriler. Gatnaşyjylaryň hasaba alynmagy 15-nji marta çenli açykdyr. Talyplar olimpiada okaýan hünärine we okuw ýylyna garamazdan gatnaşyp bilýär. Şahsy tapgyrda bir ýokary okuw mekdebinden 10 talyp gatnaşyp biler. Toparlaýyn bäsleşikde bolsa bir ýa-da birnäçe ýokary okuw mekdebinden düzülen bäş adama çenli bir ýa-da iki topar çykyş edip biler. Bäsleşik türkmen, rus we iňlis dillerinde geçiriler. Şahsy tapgyrda gatnaşyjylara statika, kinematika we dinamika bölümleri boýunça 8 mesele hödürlener we olary çözmek üçin 240 minut wagt berler. Toparlaýyn tapgyrda bolsa şol bölümler boýunça 5 sany mesele berlip, olar üçin 60 minut wagt belleniler. Ýumuşlar olimpiadanyň tertibine laýyklykda institutyň saýtyndaky ýörite bölümde ýerleşdiriler. Goşmaça maglumatlar ýokary okuw mekdebiniň saýtyndan, +800 522 5-75-02, +993 64681023, +993 64207444 telefon belgileri, şeýle hem tdei@tdei.edu.tm we energetikatdei@gmail.com elektron poçta salgylary boýunça elýeterlidir. Geçen ýyl geçirilen olimpiada Türkmenistanyň 22 sany ýokary okuw mekdebinden we dünýäniň 17 ýurdunyň 85 sany ýokary okuw mekdebinden jemi 700-den gowrak talyp gatnaşdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir