Gazagystanyň Sanly ösüş, innowasiýalar we aerokosmos senagaty ministrligi ChatGPT Edu bilim guralynyň milli bilim ulgamyna ornaşdyrylýandygyny yglan etdi. Bu karar ýurduň orta we ýokary okuw mekdeplerine degişlidir. ​Gazagystan Merkezi Aziýa sebitinde OpenAI kompaniýasynyň «Education for Countries» halkara maksatnamasyna goşulan ilkinji ýurt boldy. Taslama okuw amalyýetinde emeli aň tehnologiýalaryny ulanmaga gönükdirilendir. ​«Emeli aň mugallymlaryň ornuna geçmez-de, eýsem olaryň hünär mümkinçiliklerini giňelder» diýip, ministrlikde bellediler. Edaranyň berýän maglumatyna görä, ChatGPT Edu-nyň ulanylmagy mugallymlara administratiw we usulyýet işlerini ýeňilleşdirmäge, okuwçylar we talyplar üçin has ýokary hilli, her bir şahsyýete gönükdirilen bilim şertlerini hödürlemäge mümkinçilik berer. ​Maksatnamanyň çäginde ýurt boýunça bilim edaralaryna 165 müň sany ChatGPT Edu ygtyýarnamasy (lisenziýasy) mugt berler. ​Gazagystandan başga-da, OpenAI-nyň halkara bilim maksatnamasyna Estoniýa, Gresiýa, Italiýanyň uniwersitet rektorlarynyň konferensiýasy, Iordaniýa, Slowakiýa, Trinidad we Tobago, şeýle hem Birleşen Arap Emirlikleri goşuldy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir