Formula-1-iň ýedi gezek çempiony, meşhur nemes sürüjisi Mihael Şumaher indi düşege bagly däl. Ol henizem dowamly aýak üstünde durup bilmeýändigine garamazdan, lukmançylyk işgärleriniň kömegi bilen maýyplar arabasynda hereket edýär we teleýaýlymlardaky sport ýaryşlaryna tomaşa edýär diýip, Express žurnaly habar berýär. Mundan 12 ýyl ozal dagda bolan betbagtçylykly wakadan bäri, türgeniň saglyk ýagdaýy baradaky maglumatlar çäkli saklanýar. Onuň aýaly Korinna we beýleki maşgala agzalary hem jemgyýetçilige türgeniň durmuşyna degişli maglumatlary bermezlige çalyşýarlar. Şol wakadan bäri Şumaher köpçülige görünmeýär. Oňa Maýorkanyň Las-Brisas sebitindäki öýünde seredilýär. Çaklamalardan çen tutsaň, bu kaşan jaýyň bahasy takmynan 33 million ýewro barabardyr. Mail Sport portaly türgeniň gije-gündiz lukmanlaryň, şepagat uýalarynyň we terapewtleriň gözegçiliginde saklanýandygyny belleýärler. Türgeniň maşgalasy lukmançylyk hyzmatlary üçin her hepde on müňlerçe ýewro sarp edýär. Öýe diňe tanyşlaryň çäkli bölegi goýberilýär. Olaryň arasynda "Ferrari" toparynyň öňki ýolbaşçysy Žan Todt hem bar. Çeşmelerde bellenişine görä, ol "Gran-pri" ýaryşlaryna Şumaher bilen bilelikde tomaşa edýär.