Volvo kompaniýasy 2020-nji ýyldan bäri öndürilen awtoulaglar üçin multimediýa ulgamlarynyň düýpli täzelenendigini yglan etdi. Bu täzelenme bütin dünýäde takmynan 2,5 million awtoulaga degişli bolar we sürüjilere diler merkezine barmazdan, iň soňky tehnologiýalardan peýdalanmaga mümkinçilik berer. Täzelenmeden soň, köne modelleriň interfeýsi Volvo-nyň iň soňky EX30, EX60 we EX90 modelleriniň dizaýnyna meňzeş bolar. Awtoulaglarda Google-yň emeli aň kömekçisi peýda bolar. Ol diňe bir ulagyň funksiýalaryny dolandyrman, eýsem sürüji bilen söhbetdeşlik gurnap we çylşyrymly soraglara jogap berip biler. Täze funksiýalar köne modellerdäki çipler we kiçi ekranlar üçin ýörite optimizirlendi, şonuň üçin ulgamyň tizligi peselmez. Volvo bu ädimi "dünýä taryhynda iň uly simsiz (Over-the-Air) täzelenmeleriň biri" diýip atlandyrýar. Awtoulag eýeleriniň hyzmat merkezine barmagyna zerurlyk ýok. Diňe Internete birigip, uzakdan göçürip alynýan täzelenmäni tassyklamak ýeterlikdir. Bu programma üpjünçiligi köne modelleriň multimediýa ulgamlarynyň ömrüni uzaldýar we ulanyjy tejribesini has ýokary derejä göterýär. Öň diňe täze satyn alnan awtoulaglarda bolan intellektual funksiýalar indi 5 ýyl mundan ozal öndürilen ulaglarda hem elýeterli bolar.