Tesla täze awtoulaglar üçin esasy Autopilot bukjasynda düýpli üýtgeşme etdi. 2026-njy ýylyň täze baha gurluşyna görä, ulagy hereket zolagynda awtomatiki saklaýan kömekçi ulgam (Autosteer) indi standart komplektasiýa girmeýär. Täze Tesla elektrik awtoulaglary indi diňe adaptiw kruiz-kontrol bilen üpjün ediler. Soňky ýedi ýyl bäri Tesla-nyň ähli modellerinde Autopilot bukjasyna iki sany esasy funksiýa mugt girýärdi: TACC (Traffic Aware Cruise Control): Öňdäki ulagdan howpsuz aralygy saklaýan işjeň kruiz-kontrol (bu mugt galýar). Autosteer (Zolagy saklamak): Ulagyň ruluny awtomatik dolandyryp, ony öz zolagynda saklaýan ulgam (indi tölegli). Zolagy saklamak kömegi diňe bir amatlylyk däl, eýsem howpsuzlyk funksiýasy hem hasaplanýar, sebäbi ol sürüjiniň ýadawlygy ýa-da ünsüniň sowulmagy netijesinde ýoldan çykmak töwekgelçiligini azaldýar. Bu üýtgeşmeden soň Tesla bäsdeşleriniň has elýeterli modellerinden hem yza galdy. Toyota Corolla «Safety Sense» bukjasy bilen zolagy saklamak kömegini mugt hödürleýär. Honda Civic bolsa «Honda Sensing» ulgamy arkaly bu funksiýany goşmaça tölegsiz üpjün edýär. Tesla indi özüniň doly awtopilot ulgamyny (Full Self-Driving - FSD) abuna görnüşine geçirýär. Fewral aýynyň ortalaryndan başlap FSD abunasy aýda 99 dollar bolar. Öň bir gezeklik töleg 8000 dollara deňdi. «Electrek» neşiriniň maglumatyna görä, bu täze kadalar Demirgazyk Amerikadaky täze Model 3 we Model Y satyn alýan ähli ulanyjylara degişlidir. Beýleki sebitlerde (Ýewropa, Aziýa) bu düzgüniň haçan giriziljekdigi barada heniz takyk maglumat ýok.