Tesla kompaniýasynyň sürüjisiz işleýän Cybercab taksisi şu ýylyň aprel aýynda seriýaly önümçilige goýberiler. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Ilon Mask habar berdi. Maskyň aýtmagyna görä, häzirki wagtda Cybercab prototipleri Alýaskanyň aşa sowuk, garly we buzly şertlerinde gyşky synaglardan geçirilýär. Synag edilýän awtomobilleriň ýörite gyşky şinalar bilen enjamlaşdyrylandygy bellenilýär. Mundan ozal Mask önümçiligiň ilkinji tapgyrynda depginleriň pes boljakdygy barada duýduryş beripdi. "Täze modelleriň önümçiligini artdyrmak adatça S-görnüşli egri çyzyk boýunça bolup geçýär. Önümçiligiň başlangyç tapgyry köp sanly täze şaýlar we önümçilik amallary sebäpli çäklendirilýär" diýip, Tesla-nyň ýolbaşçysy belledi. Cybercab ilkibaşdan sürüjisiz dolandyrmak üçin dizaýn edilipdi. Ol hereket etmek üçin radar we lidarlary ulanman, diňe kameralara we emeli aňa esaslanýan Tesla Vision ulanyşyny peýdalanýar. Awtomobilde "kebelek ganaty" görnüşindäki gapylar bar. Şunda yzky aýna we gapdal aýnalar (zerur bolmansoň) göz öňünde tutulmadyk. Salony iki ýolagçy üçin niýetlenen. Merkezde güýmenje we wideo jaňlar üçin niýetlenen 20,5 dýuýmlyk sensor ekrany ýerleşýär. Cybercab simsiz induksion zarýad beriş ulgamyny goldaýar. Bu bolsa oňa ýörite meýdançalarda adamyň gatnaşmazlygynda awtomatiki usulda zarýad almaga mümkinçilik berýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir