2025-nji ýylyň netijelerine görä, Ýaponiýada smartfonlaryň bölek satuwy boýunça Samsung kompaniýasy Android enjamlaryň bazarynda lider boldy. Bu baradaky maglumatlar ýurduň elektronika dükanlarynyň kassa terminallaryndan we iň iri onlaýn satyjylaryň hasabatlaryndan alyndy. Uzak wagtlap Ýaponiýanyň Android bazarynda iň iri öndüriji Sony bolupdy. Emma soňky ýyllarda onuň orny gowşady: kompaniýa ilki bilen Google we Samsung-dan yza galdy, 2025-nji ýylda bolsa Samsung Android segmentinde doly birinjiligi eýeledi. Samsung-yň dürli nyrh derejesindäki modelleri ýapon alyjylarynyň arasynda uly meşhurlyga eýe boldy: Býujet we orta nyrhly modeller: Galaxy A25 we Galaxy A36 ýokary satuw görkezijilerini üpjün etdi. Flagmanlar: Geçen ýyllaryň flagmanlaryndan Galaxy S23, Galaxy S24, Galaxy S24 Ultra we Galaxy S24 FE modelleri has köp saýlandy. Şeýle-de, täze flagmanlar — Galaxy S25 we Galaxy S25 Ultra iň köp satylýanlaryň hataryna girdi. Eplenýän smartfonlar: Galaxy Z Flip 6 we 7, şeýle hem Galaxy Z Fold 6 we 7 modellerine aýratyn uly isleg bildirildi. Şol bir wagtyň özünde, bütin Ýaponiýada smartfon bazarynyň umumy lideri bolup Apple galýar: bu kompaniýa ýurtdaky satuwlaryň 60%-den gowragyna gözegçilik edýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir