Google kompaniýasy YouTube Music hyzmatyna bir akkaunta birikdirilen enjamlaryň arasynda pleýlist nobatyny sinhronlaşdyrmak funksiýasyny ornaşdyrdy. Indi ulanyjylar smartfondan kompýutere ýa-da başga bir enjama geçende, sazy şol bir saklanan ýerinden dowam edip diňläp bilerler. Mundan ozal YouTube Music-iň Android we iOS üçin mobil goşundylaryndaky pleýlist nobatlary biri-birinden garaşsyz işleýärdi. Hyzmatyň web wersiýasy mobil enjamlardan maglumat alyp bilýärdi, emma ters ugurda sinhronlaşdyrma ýokdy. Programma täzelenenden soň bolsa, mobil goşundy açylanda mini-pleýerde islendik enjamda soňky diňlenilen kompozisiýa görkezilýär. Goşundy açylan pursatynda hyzmat sazyň haýsy enjamda — iPhone-da ýa-da brauzerde — goýberilendigini wagtlaýyn görkezýär. Bu maglumat aýdym başlanyňdan soň ýitip, häzirki ulanyjy baradaky maglumatlar çykýar. Ulgam soňky işjeň sessiýa daýanýar, ýagny şoňa laýyklykda, pleýlist nobatyny täzeleýär ýa-da çalyşýar. Şuňa meňzeş täzelikler Spotify Connect funksiýasynda hem eýýäm ulanylýar. Apple Music hyzmatynda bolsa, häzirlikçe beýle mümkinçilik ýok.