«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary sirk sungatyny ösdürmäge goşan goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasynyň we Ýewropa sirk assosiasiýasynyň halkara şahadatnamalaryna mynasyp boldy. Gowşurylyş dabarasy 16-25-nji ýanwar aralygynda Monte-Karlo şäherinde (Monako Knýazlygy) geçirilen 48-nji halkara sirk sungaty festiwalynyň çäklerinde boldy diýip, TDH habar berýär. Toparyň ýolbaşçylary bu abraýly festiwala hormatly myhmanlar hökmünde gatnaşdylar. Bu festiwal 1974-nji ýyldan bäri geçirilýär we sirk sungatynyň äleminde iň abraýly çäreleriň biri hasaplanýar. Türkmenistandan halkara çärä Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň seýsi – topar ýolbaşçysy, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Serdar Pygyýew hem-de Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň baş direktory Serdar Gurbangulyýew gatnaşdy. Ýatlap geçsek, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary mundan ozal hem ýokary halkara baýraklaryna ençeme ýola mynasyp bolupdy. Topar 2025-nji ýylda Monte-Karloda geçirilen 47-nji halkara festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Gran-pri baýragyny we ýörite baýraklary alypdy. Şeýle-de, topar dürli ýyllarda Moskwada, Italiýada, Hytaýda, Gyrgyzystanda we Sankt-Peterburgda geçirilen abraýly sirk festiwallarynyň baýrak eýesi bolupdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir