«The Wall Street Journal» amerikan gazeti ABŞ-nyň iň uly awiakompaniýalarynyň ýyllyk reýtingini hödürläp, dokuz awiagatnadyjynyň iş görkezijilerine baha berdi. Ýylyň jemi boýunça ýolagçy sany nukdaýnazaryndan ýurduň iň uly içerki awiakompaniýasy bolan Southwest Airlines öňdebaryjy hökmünde saýlandy. Bilermenler baha berenlerinde uçuşlaryň wagtynda amala aşyrylmagyny, ýatyrylan gatnawlaryň paýyny, 45 minutdan gowrak gijikdirmeleri, goşlar bilen işlenilişini, uçuş-gonuş meýdançasyndaky uzak wagtlap eglenmeleri, ýolagçylary uçardan mejbury düşürmek ýagdaýlaryny we ABŞ-nyň Ulag ministrligine gelip gowşan arz-şikaýatlaryň sanyny göz öňünde tutdy. Dallas şäherinde ýerleşýän Southwest Airlines ähli ugurlar boýunça iň gowy netijeleri görkezdi: şikaýatlaryň iň az sany, uçuş-gonuş meýdançasynda gijikdirmeleriň pes derejesi, ýokary takyklyk we gatnawlaryň ýatyrylmagynyň pes görkezijisi. WSJ-niň hasabatynda bellenilişi ýaly, kompaniýanyň operasion modeli içerki üýtgeşmelere we infrastruktura goýlan maýa goýumlara garamazdan durnuklylygyny saklady. Ikinji orunda Allegiant awiakompaniýasy ýerleşdi. Bu kompaniýa gatnawlaryň ýatyrylmagynyň pes derejesini görkezip, goşlar bilen işlemekde öňe saýlandy we ýolagçylary uçardan mejbury düşürmek ýagdaýlaryny azaltdy. Üçünji orny Delta Air Lines eýeledi. Ol uçuşlaryň takyklygy boýunça gowy netijeleri görkezen hem bolsa, ýatyrylan gatnawlaryň we arz-şikaýatlaryň sanynyň artmagy sebäpli aşaky orunlara düşdi. Sanawyň iň soňky ornuny American Airlines bilen Frontier Airlines paýlaşdy. American Airlines gatnawlaryň ýatyrylmagy boýunça iň ýokary paýy (takmynan 2,2 göterim) berip, ýekeje görkeziji boýunça-da ilkinji bäşlige girip bilmedi. Frontier bolsa takyklyk we aşa gijikdirmeleriň sany ýaly birbada dört görkeziji boýunça iň soňky boldy.