Hytaýyň Senagat ministrliginiň maglumatlar binýadynda SM-A5760 belgi bilen Samsung kompaniýasynyň täze smartfonynyň suratlary we häsiýetnamalary peýda boldy. Bu belgi geljekki Galaxy A57 modeliniň belgisidir. Geçen ýylyň güýzünde bu enjam IMEI binýadynda SM-A576B belgisi bilen hasaba alnypdy. SM-A5760 hem şol modeliň bir görnüşi bolup durýar. Täze enjamyň iň esasy aýratynlygy onuňkämilleşdirilen korpusydyr. Smartfon ozalky nusgasy bilen deňeşdirilende has kiçi (kompakt) we ýeňil: enjamyň galyňlygy 6,9 mm-e, agramy bolsa 182 grama deň. Deňeşdirmek üçin aýtsak, Galaxy A56 modeli has galyň (7,4 mm) we has agyrdy (198 gram). Şol bir wagtyň özünde, batareýanyň sygymy üýtgemän, öňki durşuna — 5000 mAs möçberinde galdy. Kameralaryň ýerleşiş dizaýnynda hem üýtgeşmeler bar. Olaryň dizaýny ýakynda çykjak Galaxy S26 flagmanyndan alyndy. Esasy kamera 50, 12 we 5 megapikselli datçikleri, öňdäki kamera bolsa 12 megapikselli datçigi özünde jemleýär. Galaxy A57-niň ekrany 6,6 dýuým bolup, Full HD+ durulygyna eýe bolar. Täze model özünde kiçi göwrümi, öňki möçberdäki batareýa sygymyny we Samsung-yň iň ýokary modellerine meňzedilen täze dizaýny utgaşdyrýar.