Xiaomi kompaniýasynyň prezidenti Lu Weýbin Xiaomi SU7 sedany we YU7 krossoweri üçin meşhur Lava Orange reňkiniň indi elýeterli däldigini mälim etdi. Bu reňkdäki awtoulaglaryň önümçiligi resmi taýdan bes edildi. Lu Weýbiniň sözlerine görä, bu karara islegiň pesligi sebäp bolupdyr. Ol bu barada şeýle diýdi: «Bu reňk örän täsirli we owadan görünýär, ýöne ony satyn almaga isleg bildirýän ulanyjylaryň sany juda az. Hemmelere ýarajak we hemmeleriň satyn aljak awtoulag boýagyny saýlamak hakykatdanam örän kyn mesele». Xiaomi-niň resmi maglumatlaryna görä, bu reňk üç gatlakly pürkme tehnologiýasy arkaly döredilipdi. Bu usul awtoulagyň kuzowyna örän janly we doýgun öwüşgin berýär, Gün şöhlesi düşende bolsa ajaýyp ýalpyldaýar. Dürli burçlardan seredilende reňkiň üýtgemegi ýaly aýratynlyklara eýe. Gyzykly tarapy, Lu Weýbiniň özi hem hut şu reňkdäki awtoulagy sürýändigini tassyklady we bu habary sosial ulgamlarda aglaýan smaýlikler bilen paýlaşdy. Xiaomi SU7 premium klasly elektrik sedany. Xiaomi YU7 bolsa orta ölçegli elektrik krossoweri. Iki model hem Xiaomi Modena platformasynda gurlan bolsa-da, olar kuzow görnüşi we bazardaky ornuna görä biri-birinden tapawutlanýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir