23-nji ýanwarda Gruziýanyň Parlamentinde Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň Parlamentiniň kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň başlygy, gruzin-türkmen parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy D.Matikaşwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär. Gepleşikleriň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda, şeýle hem halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşyga gatnaşyjylar parlament ugry boýunça türkmen-gruzin hyzmatdaşlygyň işjeň ösýändigini aýratyn bellediler. Munuň bilen birlikde, birek-birege bolan ynamy berkitmäge we tejribe alyşmaga ýardam berýän ýokary derejeli saparlaryň hem-de parlament deputatlarynyň arasyndaky yzygiderli gatnaşyklaryň ähmiýeti nygtaldy. Parlamentara dostluk toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek meselesine aýratyn üns berildi. Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir