Meşhur insaýder Ice Universe Hytaý bazarynda iPhone Air smartfonynyň kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny habar berdi. Onuň maglumatlaryna görä, smartfonyň bahasy gysga wagtyň içinde ep-esli aşak düşdi. Bu bolsa enjama bolan islegiň pesdigini we satuwy höweslendirmegiň zerurdygyny görkezýär. Satuwa çykan wagty Hytaýda iPhone Air-iň bahasy 7 499 ýuan (takmynan 1 075 dollar) bolan bolsa, häzirki wagtda bu enjamy 5 499 ýuana (takmynan 788 dollar) satyn alyp bolýar. Diýmek, bahasy takmynan 27% aşaklapdyr. Bu ýagdaý Apple-iň täze modelleri üçin adaty bolmadyk ýagdaýdyr. Apple smartfonlaryna şeýle arzanladyşlar, adatça, enjamyň önümçilik döwri tamamlanmaga golaýlanda ýa-da satuwda çynlakaý bökdençlikler ýüze çykanda edilýär. iPhone Air geçen güýzde iPhone 17 seriýasynyň bir bölegi hökmünde hödürlenipdi. Bu model özüniň aşa inçe we ýeňil korpusy bilen tapawutlanýar we häzirki wagtda Apple-iň taryhyndaky iň inçe smartfondyr. iPhone Air çykandan soň beýleki öndürijiler hem şeýle görnüşli enjamlara gyzyklanma bildiripdiler, ýöne, mysal üçin, Xiaomi kompaniýasy welin şuňa meňzeş model çykarmakdan ýüz öwürdi.