Kayak syýahatçylyk meta-gözleg ulgamynyň analitikleri «What the Future» hasabatyny hödürläp, onda 2026-njy ýyl üçin syýahatçylyk pudagynyň esasy tendensiýalaryny çaklady. Kompaniýanyň statistikasyna we Z nesliniň hem milleniallaryň 14 müň wekilinden pikir soraşmalara esaslanan gözleglere görä, syýahatçylykda esasy trend emeli aňyň ulanylmagy bolar. Pikir soraşma gatnaşanlaryň 41%-i, esasan, öz tanyşlarynyň däl-de, EA-nyň maslahatlaryna ynanmaga taýýar. Şeýle-de, gözleg o diýen belli bolmadyk ugurlara gyzyklanmanyň artýandygyny görkezýär: zumerleriň 69%-i we milleniallaryň 66%-i sosial ulgamlarda görkezilmedik ýerleri saýlaýar. Geçen ýyl #hiddengems heştegli postlaryň sany 50%-den gowrak ýokarlandy. «Gürrüň nämedir bir hakyky zadyň gözlegi barada. Pul we howpsuzlyk häzirem karara gelmekde esasy roly oýnaýar, ýöne olaryň yzyndan nämedir bir täze zady – lenç edilen suratlar we adamlar bilen dolmadyk ýerleri barlamak islegi döreýär» – diýlip, hasabatda aýdylýar. 2026-njy ýylda meşhur bolup biljek şäherleriň sanawyna şular girdi: Kork (Irlandiýa); Çunsin, Harbin we Şençžen (Hytaý); Zakinf (Gresiýa); Almaty (Gazagystan); Hilo (ABŞ); Numea (Täze Kaledoniýa); La-Romana (Dominikan Respublikasy); Lýuksemburg (Lýuksemburg). Şeýle-de, Ýerewan, Baku, Bişkek, Abuja, Asunson, Barrankilýa, Bastiýa, Bordo we Bilbao bellendi. Trendleriň arasynda tebigy hadysalar, uly wakalar, akyl saglygy we kiçi şäherleri görmek üçin syýahatlar hem bar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir