Caviar rus lyuks brendi, adatça, smartfonlar (esasan iPhone) we beýleki enjamlar, şeýle-de aksessuarlar üçin gymmatbaha metallardyr daşlar bilen bezelen kaşaň dizaýnlary hödürleýärdi. Indi bolsa bu kompaniýa robotlary bezemegi hem öz üstüne aldy. Onuň Aladdin atly täze konsepsiýa taslamasy Unitree Robotics tarapyndan öndürilen Unitree G1 önümçilik modeline esaslanýar. Adamsypat robot gündogar stilinde dizaýn edilen we köpçülikleýin önümçilik üçin niýetlenmedikdir. Onuň boýy 1,30 metr, agramy 35 kg. we batareýasynyň bir gezeklik zarýady bilen iki sagada çenli işläp bilýär. Gurluşynda 23 derejeli erkinlik, 3D lidar ulgamy we kamera bar. Öndüriji robotyň adamlaryň golaýynda howpsuz işläp biljekdigine kepil geçýär. Caviar Unitree G1-i öýüň bezeg elementi we sungat obýekti hökmünde görmekligi teklip edýär. Her bir robotyň işlenilen iň soňky görnüşi müşderiniň ylalaşygy esasynda tassyklanylýar. «Her bir dizaýn elementi – eşikleriň egri çyzyklaryndan başlap, inçejik nagyş detallaryna çenli üns bilen işlenip düzüldi. Bu işde hemme hereket bir maksada – ýokary tehnologiýaly mehanizmi sungat eserine öwürmeklige gönükdirilen. Aladdin şol bir wagtyň özünde geljegiň çagasy we gadymy rowaýatdan bir artefakt ýaly görünýär» diýip, Caviar-yň tanyşdyryşynda aýdylýar. «Aladdin taslamasy hünärmenler üçin döredildi we köpçülikleýin öndürilmeýär. Her bir robot ýörite ýasalýar. Eýesi öz Aladdininiň döredilmegine gatnaşýar, nagyşlary, bezeg elementlerini we nyşanlaryny şahsylaşdyrýar» diýip, işläp düzüji belledi. Hytaýda Unitree G1-iň esasy wersiýasynyň bahasy 16,000 dollardan başlaýar. Caviar-yň dizaýner wersiýasynyň bahasy müşderiniň isleglerine görä aýratynlykda kesgitlenýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 13 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir