Aýyň arka tarapyndan alnan topragyň Ýere getirilen ilkinji nusgalary täze ylmy açyşlara sebäp boldy. South China Morning Post gazetiniň habaryna görä, hytaýly barlagçylar toprakdan diwarlary ýekeje atom galyňlygynda bolan örän inçe uglerod turbalaryny tapdylar. Material örän berk we güýçli ýylylyk hem elektrik geçirijiligine eýedir. Olaryň häsiýetleri şu wagta çenli laboratoriýada öndürilen bir diwarly uglerod nanoturbalarynyň häsiýetlerine gabat gelýär. Mundan öň tebigatda şeýle gurluşlaryň diňe köp gatlakly analoglary – kömür gatlaklarynda, buz ýadrolarynda we tokaý ýangyn zolaklarynda tapylýardy. Alymlaryň pikiriçe, Aýda şeýle nanogurluşlaryň emele gelmegi adatdan daşary faktorlaryň täsiri bilen bagly bolup biler. Mümkin bolan sebäplere mikrometeorit täsirleri, uzak wagtlyk Gün şemaly we gadymy wulkan işjeňligi girýär. Bu şertlerde uglerod Aý topragynda demir bilen özara täsirleşip, onuň molekulýar gurluşynyň täzeden guralmagyna getirýär. Aý topragynyň nusgalary 2024-nji ýylyň iýun aýynda «Çan'e-6» zondy tarapyndan getirilipdi. Seljerilenden soň, olar, takmynan bir ýyl ozal hytaýly ylmy toparlara elýeterli boldy. Mundan öň hiç bir ýurt Aýyň arka tarapyndan toprak almagy başarmandy. Soňky tejribe Aýyň geologik gurluşyny öwrenmek mümkinçiliklerini ep-esli giňeltdi. Grafen öň Aýyň görünýän tarapynda tapylypdy. Ýöne bir diwarly uglerod nanoturbalarynyň tapylmagy ilkinji gezekdir. Aýda atmasferanyň we işjeň geologik prosesleriň ýoklugy bu gurluşlaryň milliardlarça ýyllap durkuny üýtgetmän diýen ýaly galmagyna mümkinçilik berdi. Bu açyş çylşyrymly uglerod gurluşlarynyň kosmos gurşawynda tebigy ýagdaýda emele gelip biljekdigini tassyklaýar we älemde maddanyň emele gelşi baradaky baradaky düşünjämizi giňeldýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir