Bolgariýanyň Prezidenti wezipesini taryhda ilkinji gezek zenan maşgala eýeledi. Iliýana Ýotowa bu wezipede Rumen Radewi çalşyp, resmi taýdan wezipä girişdi. Bu barada Bolgariýanyň milli radiosy habar berýär. Ýurduň öňki Prezidenti Rumen Radew Bolgariýanyň çuň syýasy çökgünlikden çykmagyna ýardam etmek isleýändigini aýdyp, 19-njy ýanwarda wezipeden çekildi. Konstitusion kazyýet Radewiň wezipeden boşadylmagyny tassyklady we onuň ygtyýarlyklary resmi taýdan bes edildi. Ýurduň öňki Baştutany möhletinden öň geçiriljek parlament saýlawlaryna gatnaşmagy meýilleşdirýär. 61 ýaşly Iliýana Ýotowa Bolgariýanyň 33-nji Prezidenti boldy. Ozal ol wise-prezident wezipesini eýeleýärdi. Täze wezipede Ýotowa parlament partiýalary bilen geňeşmelerden soň saýlawlaryň senesini kesgitlär. Bu soňky bäş ýylyň dowamynda eýýäm sekizinji saýlaw bolar. Bu ýagdaý parlament güýçleriniň täze hökümeti düzüp bilmeýändigi bilen baglanyşyklydyr. 2007-2017-nji ýyllarda Ýotowa Ýewroparlamentiň deputaty boldy. Şonda onuň işi terrorizme garşy göreşe, Bolgariýanyň Şengen zolagyna goşulmagyna we migrasiýa çökgünligini çözmäge gönükdirilipdi. Wise-prezident wezipesinde Ýotowa daşary ýurtlardaky bolgar jemgyýetlerine we bolgar dilini öwrenmeklige aýratyn üns berdi.