Dior moda öýi aktrisa Teýlor Rassel bilen hyzmatdaşlygy yglan etdi. Ol brendiň ilçisi boldy we döredijilik müdiri Jonatan Anderson tarapyndan hödürlenýän kolleksiýalary görkezer. Rassel eýýäm birnäçe möwsüm bäri Dior-yň moda görkezişlerine we Andersonyň taslamalaryna gatnaşýar. Aktrisa köpçülikleýin çärelerde we gyzyl ýodalarda brendiň obrazlarynda yzygiderli peýda bolýar. Aktrisanyň ilçi hökmünde bellenmegi döredijilik müdiri wezipesine Jonatan Anderson gelenden soň Dior-yň kolleksiýalarynyň täzelenmegi bilen baglanyşykly. Jonatan öz işine aktýorlary we sazandalary işjeň çekip, pudagyň media wekilleri bilen hyzmatdaşlyk edýär. Ozal olaryň arasynda Greta Li hem bardy. Rassel «Kosmosda ýitirilen» serialyndaky, «Tolkunlar» dramasyndaky, şeýle-de «Klaustrofoblar» we «Tutuş durkum bilen» filmlerindäki rollary bilen tanalýar. Soňkusy üçin ol Wenesiýa kinofestiwalynda geljegi uly aktrisa hökmünde Marçello Mastroýanni baýragyny gazanypdy. Aktrisa Anderson bilen Loewe moda öýünde işlän wagty hem hyzmatdaşlyk edipdi. Dior aktrisanyň täze döredijilik müdiriniň ýolbaşçylygynda zenanlar kolleksiýalarynyň ösüş döwründe brendiň esasy ýüzleriniň biri bolmagyna ynam bildirýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir