Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň Atçylyk we seýisçilik kafedrasynyň mugallymy, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy Nowruzälem Gurdow «GDA-nyň iň gowy mugallymy» diýen ada mynasyp boldy. «GDA-nyň iň gowy mugallymy — 2025» atly halkara bäsleşiginde ýeňiş gazanan N.Gurdow döşe dakylýan nyşan we I derejeli diplom bilen sylaglandy. Bäsleşik Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde “Bilim” respublikan bilim merkezi we “Dobro” Halkara haýyr-sahawat gaznasynyň bilelikde gurnamagynda 2025-nji ýylyň 11-nji dekabryndan 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwary aralygynda onlaýn görnüşde geçirildi.

Bilim, Ata Watan tarapyndan 1 hour ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir