2025-nji ýylda turbulentligiň has ýokary bolan awiaugurlary Aziýa bilen Günorta Amerikanyň üstünden geçýän gatnawlar boldy. Onuň sebäbi bu sebitleriň relýefi we howa şertleri bilen baglanyşyklydyr. Şeýle maglumatlar dünýäniň 550 sany iň uly howa menziliniň arasynda 10 müň töweregi ugry seljeren Turbli portaly tarapyndan berilýär. Turbulentlik derejesine howa «tüweleýleriniň» emele geliş we dargama tizligi boýunça baha berildi. «Titreme», esasan, dag sebitleriniň üstünde hem-de temperaturanyň we çyglylygyň birden üýtgeýän zolaklarynda, mysal üçin, gury ýerden suwly ýere geçilende ýüze çykýar. Turbulentlik derejesiniň iň ýokary bolan ugry ýene-de Argentinanyň Mendosa şäheri bilen Çiliniň Santýago şäheriniň arasyndaky uçuş boldy. Ýoluň uzynlygy 196 km bolup, ol Andlaryň üstünden geçýär. Bu ýerde daglar howanyň güýçli aýlanyp başlamagyna sebäp bolýar. Bu ugur bir ýyl ozal hem sanawda birinji bolupdy. Ikinji orny Hytaýdaky Sinin – Inçuan, üçünji orny Çendu – Sinin gatnawy eýeledi. Şeýle-de, bäşlige Argentinanyň Kordowa, Boliwiýanyň Santa-Krus-de-la-Sýerra şäheri bilen Santýagonyň arasyndaky gatnawlar, HHR-däki we Demirgazyk bilen Günorta Amerikanyň ýurtlaryndaky içerki gatnawlar girdi. Ýewropada turbulentlik derejesi pes. Iň «titreýän» ugur Nissa – Ženewa boldy. Onuň yzyndan Nissa – Marsel we Nissa – Bazel gelýär. Şeýle-de, onluga Milan – Lion, Nissa – Sýurih, Milan – Sýurih, Ženewa – Wenesiýa, Bergen – Oslo we Bergen – Tronheým girdi.