Xiaomi YU7 krossoweri 2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde Hytaýda öz segmentinde (SUV) ähli bäsdeşlerinden öňe saýlanyp, satuwda birinji orny eýeledi. Smartfon we beýleki elektronik enjamlaryň öndürijisi bu üstünligi awtoulag bazarynda örän gysga wagtyň içinde gazanmagy başardy. YU7 Xiaomi-niň edil beýle derejede meşhurlyk gazanmadyk SU7 sedanyndan soň öndüren ikinji modelidir. Şeýle hem, geň galdyryjy zat, ulagy satyn alanlardan gelen arza-şikaýatlaryň derejesi 0,09% deň bolupdyr, bu bolsa pudakdaky ortaça görkezijiden görnetin pes. Bu habar peýda bolan güne gabatlap, Xiaomi-niň baş direktory Leý Szýun krossoweri göni ýaýlymda söküp görkezdi. Bu adaty bolmadyk marketing usulyndan peýdalanmak bilen ol modeliň gurluşyna we tehniki çözgütlerine kompaniýanyň doly göwni ýetýändigini görkezdi. Xiaomi YU7-niň ölçegleri 4999 x 1996 x 1608 mm, tigir bazasy bolsa 3000 mm. Esasy wersiýada yzky okda ýeke-täk V6s Plus elektrik hereketlendirijisi bar, onuň kuwwatlygy 320 at güýjüne barabar, aýlanma güýji – 528 Nm. Ol duran ýerinden 100 km/sag tizlige 5,88 sekuntda ýetýär. Batareýasynyň kuwwaty 96,3 kWt/sag, ýöreýiş ätiýaçlygy bolsa 835 km-e çenli. Orta we ýokary derejeli wersiýalarynda degişlilikde 496 we 690 at güýjüni öndürýän iki elektrik hereketlendiriji işleýär. 100 km/sagat tizlige çykmak üçin olara degişlilikde 4,27 we 3,23 sekunt gerek, bir zarýadda geçýän ýoly – 770 km we 760 km.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 hour ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir