Toyota kompaniýasy Ýaponiýanyň «Ýertudana şalygynyň güni» mynasybetli Totigi prefekturasynda geçirilen dabaralara gatnaşdy we bu ýerde täze Toyota Crown sedanyny görkezdi. Model Ichigo Crown (terjimesi – «ýertudana täji») diýlip atlandyryldy. Üýtgeşik gülgüne reňkli bu awtoulag ýerli Tochigi Toyota dilerlik ulgamynyň 80 ýyllygyna gabatlanyp görkezildi. Dabaranyň dowamynda ýurduň ýertudana önümçiliginde öňdebaryjy hasaplanýan Totigi prefekturasynyň gubernatory Fukuda Tomiiti «Ýertudana şasynyň» geýiminde ulagyň ýanynda surata düşdi. Ulagyň kuzowy ýertudananyň Toçiotome, Toçiaika we Skaýberri sortlarynyň şekilleri bilen bezelen, kapotda bolsa gala we multfilm gahrymanlary şekillendirilen. Crown-yň üçünji nesliniň ýany bilen modeliň ikinji nesli hem görkezildi. Sedan Z komplektasiýasynyň bazasynda döredilen we öz-özünden zarýad alýan gibrid ulgamy bilen üpjün edilen: 2,5 litrlik dört silindrli hereketlendiriji iki elektrik hereketlendirijisi bilen bilelikde işleýär. Ulgamyň umumy kuwwaty 234 at güýjüne barabar bolup, esasy güýç yzky tigirlere düşýär.