Alymlar Galkynyş eýýamynyň adatdan daşary lukmançylyk usullarynyň tejribede ulanylan bolmagynyň mümkindigi hakyndaky netijä geldiler. Olaryň şeýle karara gelmegine 1531-nji ýyla degişli lukmançylyk maglumat kitaplary esas boldy. Gözlegçiler gadymy kitaplaryň sahypalaryndan belok yzlaryny ýygnamak we seljermek üçin usul işläp düzdüler. Munuň üçin kagyzyň ýüzünden ýörite plastik diskler arkaly mikroskopik yzlar alyndy. Soňra nusgalar mass spektrometriýasy arkaly seljerildi. Kitaplarda agzyň ýaramaz ysyndan saç dökülmegine çenli umumy keseller üçin ýazgylar bar. Bir wagtlar bu kitaplar Ýewropa boýunça giňden ýaýrapdyr. Alymlar olaryň sahypalaryndan ýazgylarda görkezilýän maddalara gabat gelýän yzlary tapdylar. Oňa mysal hökmünde, saç dökülmegine garşy rozmarin we bilen kres otuny ulanmagy maslahat berilýän sahypada ady agzalýan ösümlikleriň peptidleri tapyldy. Bu okyjynyň maslahaty ilki synap görüp, soň sahypa barmaklaryny degirendigini görkezýär. Gadymy kitaplarda adaty bolmadyk serişdeleriň yzlary hem bar. Meselem, saç dökülmesine garşy göreşmek usuly hakdaky maslahatyň ýerleşýän sahypasynda lipokalin, ýagny nejasat bilen baglanyşykly belok tapyldy. Mundan başga-da, kitapda begemota degişli kollagen peptidleriniň hem saklanandygy belli boldy. Galkynyş eýýamynda bu ekzotik haýwanyň dişleriniň böwrekde daş bolanda we beýleki kesellerde peýdalydygyna ynanýardylar. Maglumatlardan görnüşi ýaly, kitaby okanlaryň biriniň öz keseli üçin begemotuň dişini tapyp bilen bolmagy ahmal.