Mett Deýmon we Ben Afflek tomaşaçylaryň endikleriniň Netflix-iň film döretmek usulyna nähili täsir edýändigi barada gyzykly maglumatlary berdiler. Deýmonyň aýtmagyna görä, platformanyň algoritmleri we adamlaryň film görüp oturanlarynda smartfona güýmenmek endigi döredijilikli çözgütlere gönüden-göni täsir edýär. Ol ünsüňi çekiji iň uly hereketli (ekşn) sahnalaryň tomaşaçyny saklap galmak üçin barha ýygy-ýygydan filmiň başlangyjyna geçirilýändigini belledi. Mundan başga-da, aktýoryň tassyklamagyna görä, studiýalar esasy wakalary we sýužet öwrümlerini dialoglarda birnäçe gezek gaýtalatmagy soraýarlar. Bu bolsa tomaşaçy smartfona güýmenip, ünsüni sowan ýagdaýynda hem wakanyň dowamyny ýitirmezligi üçin edilýär. "Öňler söweşjeň filmleriň gurluşy aýdyňdy: her aktda bir sany uly sahna bolup, ahyrynda esasy çözgüt bardy. Häzir bolsa adamlaryň başga zada ünsi sowulmazlygy üçin 'ilkinji bäş minutda partlama' bolmagyny soraýarlar. Sýužeti bolsa birnäçe gezek gaýtalatdyrýarlar — birden kimdir birleri şol wagt telefonyna seredip oturan bolsa diýip" — diýip, Deýmon düşündirdi. Ben Afflek bolsa beýle çemeleşme bilen doly ylalaşmady we Netflix-iň "Geçiş döwri" atly mini-serialyny mysal getirdi: "Emma "Geçiş döwrüne" serediň. Onda bular ýaly zatlaryň hiç biri ýok. Şonda-da ol gaty gowy. Uzak wagtlap dowam edýän dymşykly sahnalar, gahrymanlaryň arkasyndan düşürilen kadrlar... Bu hilelersiz hem oňat kino döredip bolýandygyny subut edýär" diýip, Afflek goşdy. Deýmon beýle taslamalary seýrek duş gelýän "kadadan çykmalar" diýip hasaplaýar. Afflek bolsa, çylşyrymly kinolaryň "klip pikirlenmesi" (gysga we çalt üýtgeýän maglumatlara öwrenişmek) döwründe-de öz tomaşaçysyny tapyp biljekdigine ynanýar.