2026-njy ýylyň 6-njy iýulyndan 23-nji awgusty aralygynda Saud Arabystanynyň paýtagty Er-Riýad şäherinde geçiriljek Kibersport boýunça dünýä kubogynyň (Esports World Cup, EWC) baýrak gaznasy rekord derejä — 75 million dollara ýeter. Bu barada ýaryşyň guramaçylary resmi habar berdiler. Ýaryşa 100-den gowrak ýurtdan 2000-den gowrak oýunçy we 200 klub gatnaşar. Ol 7 hepdeläp dowam eder. 24 ugur boýunça 25 sany aýry-aýry ýaryş bolar. Guramaçylar ägirt uly serişdäni aşakdaky ýaly paýlamagy meýilleşdirýärler: EWC Club Championship (Klublaryň arasyndaky ýaryş): Iň gowy 24 klubuň arasynda 30 million dollar paýlanar. Birinji orny eýelän klub 7 million dollar baýrak alar. Şahsy oýun ýaryşlary: Her bir oýun boýunça geçiriljek aýratyn ýaryşlaryň umumy baýrak gaznasy 39 million dollardan gowrak bolar. Goşmaça sylaglar: Galan serişdeler saýlama ýaryşlaryň ýeňijileri we iň oňat oýunçylar (MVP) üçin goşmaça höweslendirmelere sarp ediler. Bu ýylky dünýä kubogyna dünýäniň iň meşhur oýunlary we hatda akyl sportunyň şasy bolan küşt hem girizildi: Atyşyk oýunlary: CS 2, Valorant, Call of Duty, PUBG, Rainbow Six Siege. MOBA: Dota 2, League of Legends, Mobile Legends, Honor of Kings. Sport we söweş: EA Sports FC 26, Street Fighter 6, Tekken 8, Rocket League. Strategiýa we beýlekiler: Teamfight Tactics, Küşt, Fortnite, Apex Legends.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 hour ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir