21-nji ýanwarda Türkmenistanyň we Hindistanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, türkmen tarapyna daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, hindi tarapyna bolsa Hindistanyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça sekretary Sibi Jorj ýolbaşçylyk etdi. Geňeşmeleriň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ylym, bilim we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça giň gerimli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar ýakyn wagtda iki ýurduň Daşary işler ministrleriniň arasynda duşuşygyň geçirilmeginiň maksadalaýykdygyny bellediler. Parlamentara gepleşikleriň derejesiniň, şeýle hem türkmen-hindi gatnaşyklarynyň hukuk binýadyny ösdürmek boýunça bilelikdäki işleriň üstünde durlup geçildi. Şeýle hem taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga özara gyzyklanmalaryny bildirdiler hem-de Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologiki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-hindi toparynyň işiniň möhümdigini nygtadylar. Mundan başga-da, taraplar energetika, ulag, oba hojalygy we beýleki ulgamlardaky häzirki we geljekki taslamalary jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň hususy pudaklarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmegiň möhümdigi nygtaldy. Syýasy geňeşmeleriň dowamynda taraplar medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy we şu ýylda geçiriljek bilelikdäki çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir