Google kompaniýasy Android-de Google Play resmi dükanyndan başga çeşmelerden programmalary gurnamagyň tertibiniň üýtgediljekdigini tassyklady. Bu barada Google Play önümlerini dolandyrmak boýunça müdir Metýu Forsaýt X sosial ulgamynda habar berdi. Onuň aýtmagyna görä, kompaniýa üçünji tarap programmalarynyň gurnalmagyna gönüden-göni gadaganlyk girizmeýär, gürrüň bu ýerde «jogapkärçilik derejesiniň» girizilmegi baradadyr. Ol tassyklanmadyk işläp düzüjilerden APK faýllaryny işe girizmezden öň ulanyjy tarapyndan goşmaça hereketleriň ýerine ýetirilmegini göz öňünde tutýar. Forsaýt tejribeli ulanyjylaryň öňküsi ýaly «Barlamazdan gurnamagy» saýlap biljekdigini belledi. Ýöne bu ýol birnäçe goşmaça ädimlerden ybarat bolup, olaryň maksady enjamyň eýesiniň üçünji tarap programmasyny gurnamakda bolup biljek töwekgelçiliklere düşünýändigine göz ýetirmekdir. Android Authority-nyň belleýşi ýaly, täze düzgünler baradaky maglumatlar Google Play-iň soňky wersiýalarynyň kodundaky üýtgeşmeler bilen gabat gelýär. Ol ýerde eýýäm programma işläp düzüjilerini barlamak bilen baglanyşykly täze duýduryşlar peýda boldy. Şol bir wagtyň özünde, gurnama prosesiniň nähili kynlaşjakdygy belli däl. Smartfony hökman kompýutere birikdirmelidigi ýa-da başga gurallary ulanmalydygy barada hiç zat aýdylmaýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir