Çarşenbe güni UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň umumy tapgyrynyň galan ýedinji oýunlary geçirildi. Öňdebaryjy toparlaryň köpüsi ýeňiş gazanyp, öz hasabyna üç utuk goşdy. «Bawariýa» – «Ýunion» 2:0 «Bawariýa» taryhda Çempionlar ligasynda 250 ýeňiş gazanan ikinji klub boldy. Ikinji ýarymda iki goly hem Garri Keýn geçirdi: top burçdan berlenden soň we penaltiden. Ahyrynda ýer eýeleri Kim Min Çže meýdançadan çykarylandan soň azlykda galdy, ýöne hasapda öňdeligi saklady. Keýn ýene bir penalti goluny salyp bilmedi, top derwezäniň ýokarsyna degdi. Angliýaly oýunçy 71 gol bilen ýewrokuboklaryň iň gowy bombardirleriniň sanawynda altynjy orna çykdy. «Marsel» – «Liwerpul» 0:3 Mersisadýlylar Marselde ynamly ýeňiş gazandy. Arakesmeden öň Dominik Soboslai jerime meýdançasyndan topy oýunçylar diwarynyň aşagyndan geçirip, mekirlik bilen saldy. Ikinji ýarymda Žeremi Frimpong dependen soň fransuz toparynyň derwezebany Heronimo Ruli topy öz derwezesine iberdi. Oýna goşulan wagtda Kodi Gakpo soňky hasaby kesgitledi. «Slawiýa» – «Barselona» 2:4 Ýer eýeleri birinji ýarymda top burçdan berlenden soň iki gezek gol geçirdi we iki gezekde-de katalon toparynyň jerime meýdançasyndaky bulaşyklygyndan peýdalandy. Bu iki goluň arasynda «Barselonanyň» düzüminde Fermin Lopes hem iki gol geçirdi. Arakesmeden soň «Barsa» Dani Olmonyň we Robert Lewandowskiniň gollary bilen hasapda öňe saýlandy. «Slawiýa» ÇL-de göreşi dowam etdirmek mümkinçiligini ýitirdi. «Ýuwentus» – «Benfika» 2:0 Turinliler ikinji ýarymyň 10 minutynda oýnuň soňuny kesgitledi. Hefren Týuram hasaby açdy, soňra Ueston Makkenni toparyň artykmaçlygyny artdyrdy. Žoze Mourinýunyň topary birnäçe amatly pursaty elden sypdyrdy, ahyrynda bolsa Wangelis Pawlidis penalti goluny girizip bilmedi. «Karabah» – «Aýntraht» 3:2 Bu oýunda toparlar deňme-deňlik bilen ylalaşman, özara işjeň hüjüm etdi. 2:2 hasap bilen dowam edýän oýnuň ahyrynda soňky jürlewük sesinden öň şowlulyk azerbaýjan klubunyň tarapynda boldy: Bahlul Mustafazade gol geçirdi. «Karabah» jedweliň ortasyna gaýdyp geldi we umumy tapgyryň ahyryna çenli pleý-off tapgyryna çykmaga dalaş edýär, «Aýntraht» bolsa ýaryşdan gaýtdy. Galan netijeler: «Nýukasl» – «PSW» Eýndhowen 3:0 «Galatasaraý» – «Atletiko» 1:1 «Atalanta» – «Atletik» Bilbao 2:3 «Çelsi» – «Pafos» 1:0