20-nji ýanwarda Türkmenistanyň ilçihanasynyň binasynda Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçisi Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Baş sekretary Nurlan Ýermekbaýew bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler. Duşuşygyň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ilçi Parahat Durdyýew ŞHG-niň Baş sekretaryny Täze ýyl bilen gutlap, Guramanyň çäginde kesgitlenen maksatlary we wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde oňa rowaçlyk arzuw etdi. Türkmen diplomaty ŞHG-niň işiniň köptaraplaýyn häsiýetini hem-de Türkmenistan bilen özara gatnaşyklaryň ýokary derejesini belläp geçdi. Şeýle hem, ol ŞHG-niň Baş sekretaryny ýurdumyz tarapyndan 2026-njy ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän dürli çäreler, şol sanda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara görülýän taýýarlyk işleri barada durup geçdi. Foruma gatnaşmaga çakylyk hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe, şeýle-de Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşmak mümkinçiligi üçin çuňňur minnetdarlygyny bildirip, ŞHG-niň Baş sekretary Nurlan Ýermekbaýew türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bolan duşuşygyny ýakymly ýatlap geçdi. Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen ŞHG-niň arasynda söwda-ykdysady, ulag-logistika hem-de ynsanperwer ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy barada pikir alyşdylar.